Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi

13:3522.05.2019
0
5600

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady.

Kongresiň ikinji iş gününde Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň çykyşlary uly gyzyklanma bilen kabul edildi.

Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri Türkmenistanda alyp barýan işleri barada çykyş etdiler. Şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory bu ýere ýygnananlara ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin bu ulgamda işgärleriň taýýarlanylyşy we halkara hyzmatdaşlygyň alnyp barlyşy barada anyk habar berdi.

X Halkara gaz kongresiniň çäklerinde daşary ýurtly telekeçileriň we Türkmenistanyň nebitgaz pudaklaýyn edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işjeň duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ýurdumyzyň gaz senagatynyň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň ahyrynda kongrese gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň