Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Adygeýa Respublikasynda boldy

10:0522.05.2019
0
893

17-18-nji maýda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew iş sapary bilen Adygeýada boldy. Saparyň çäklerinde diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Adygeýa Respublikasynyň baştutany Murat Kumpilow bilen gepleşikler geçirdi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşiniň we ýurdumyzyň RF-iň iri sebitleri bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň jähtinden dürli ulgamlarda özara hereketiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri duşuşygyň aýtaryn temasy boldy. Häzirki wagtda Adygeýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyplaryň ýüzlerçesi bilim alýar.

Maýkop döwlet tehnologiýa uniwersitetine saparynyň çäklerine Türkmenistanyň ilçisi Adygeýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplarymyz bilen duşuşdy. Ýaş nesliň wekilleri okuwda gazanýan üstünlikleri, ýaşaýyş we dynç alyş şertleri barada gürrüň berdiler.

Diplomatik wekilhananyň işgärleri Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça X ýubileý ýaryşyň hormatly tomaşaçylary boldular. Ol Adygeýanyň döwlet uniwersitetiniň “Ýakub Koblew” Sport köşgünde geçirildi.

Ýaryşda ýokary okuw mekdepleriniň 9-synyň: Armawir döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Don döwlet tehniki uniwersitetiniň, Garaçaý-Çerkesiýa döwlet uniwersitetiniň, Nikolaý Ogarýow adyndaky Mordowiýa döwlet uniwersitetiniň, Demirgazyk Kawkaz federal uniwersitetiniň, Demirgazyk Osetiýa döwlet uniwersitetiniň, Günorta federal uniwersiteiniň, Maýkop döwlet tehnologiýa uniwersitetiniň we Adygeýa döwlet uniwersitetiniň toparlary bäsleşdiler.

Onda Maýkop döwlet tehnologiýa uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy. Adygeýa döwlet uniwesitetiniň topary ikinji, Mordowiýa döwlet uniwesitetiniň topary hem üçünji orny eýelediler.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlar Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasynyň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Sport baýramçylygy aýdym-sazly çykyşlar bilen jemlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň