Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019, 3-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygy: "Energetik" bilen "Altyn asyr" ýene-de duşuşar

23:5521.05.2019
0
5726

22-nji maýda Mary şäherinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 3-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen duşuşygy geçiriler. Duşuşykda ýerli "Energetik" ýurdumyzyň çempiony "Altyn asyry" kabul eder. Tertip boýunça 30-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk "Altyn asyryň" AFK-nyň kubogynyň çägindäki duşuşyga gatnaşandygy üçin 22-nji maýa geçirilipdi.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe gün mundan öň bu iki topar ikinji aýlawyň çäginde Aşgabatda duşuşypdylar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň esasy futbolçylaryna dynç beren duşuşygy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. "Energetigiň" futbolçylarynyň goşmaça wagtyň 6-njy minudynda geçiren pökgüsini bolsa emin Saparmämmet Gurbanow kabul etmedi.

Häzir "Altyn asyr" 13 utuk bilen üçünji orny eýeleýär, "Energetik" bolsa garşydaşyndan bir utugy az toplady.

22.05.2019 (çarşenbe)

“Energetik” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 17:45

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň