22-nji maýda Mary şäherinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 3-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen duşuşygy geçiriler. Duşuşykda ýerli "Energetik" ýurdumyzyň çempiony "Altyn asyry" kabul eder. Tertip boýunça 30-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk "Altyn asyryň" AFK-nyň kubogynyň çägindäki duşuşyga gatnaşandygy üçin 22-nji maýa geçirilipdi.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe gün mundan öň bu iki topar ikinji aýlawyň çäginde Aşgabatda duşuşypdylar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň esasy futbolçylaryna dynç beren duşuşygy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. "Energetigiň" futbolçylarynyň goşmaça wagtyň 6-njy minudynda geçiren pökgüsini bolsa emin Saparmämmet Gurbanow kabul etmedi.
Häzir "Altyn asyr" 13 utuk bilen üçünji orny eýeleýär, "Energetik" bolsa garşydaşyndan bir utugy az toplady.
22.05.2019 (çarşenbe)
“Energetik” – “Altyn Asyr”
Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 17:45
Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)