Soňky habarlar

Arhiw

Çeper halyçylyk kärhanasynyň ösüşleri

23:3521.05.2019
0
1205

Dünýä belli ajaýyp türkmen halylaryny öndürmekde has tapawutlanýan kärhanalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Çeper halyçylyk kärhanasydyr. Ahal welaýatynyň Bäherden etraby Türkmeniň dünýä meşhur nepis halylarynyň dokalýan ýeri hökmünde ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem giňden tanalýar. Häzirki wagtda bu etrapda ýerleşýän çeper halyçylyk kärhanasynda işleýän halyçylaryň tutanýerli zähmetleri bilen dürli ölçegdäki halylaryň we haly önümleriniň birnäçe görnüşi dokalýar. 
Kärhananyň işgärleriniň tagallalary bilen bu ýerde öndürilýän önümleriň möçberi aý saýyn ýokarlanýar. Muňa bolsa bu ýerde şu ýylyň tamamlanan dört aýynda 1440 inedördül metr haly we haly önümleriniň öndürilmegem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda kärhanada halyçy gelin-gyzlaryň 220-den gowragy zähmet çekýär. Kärhanada buýurmalar esasynda dürli ölçegdäki we görnüşdäki haly önümleriniň öz wagtynda ýokary hilli dokalmagy gazanylýar. Bu ýerde dokalýan halylarda arassa ýokary hilli ýüň ýüplikleriniň, olaryň boýalmagy üçin tebigatda ösýän ot-çöpleriň ulanylmagy bu ajaýyp önümleriň hiliniň has ýokary bolmagyna, reňk öwüşginleriniň uzak ýyllaryň dowamynda saklanmagyna oňyn ýardam edýär.
Bu ýerde öndürilen önümler buýurmalar esasynda dürli ýerlere ugradylýar. Kärhanada öndürilen owadan halylar bu günki gün gurlup ulanylmaga berilýän köşgi eýwanlarda, durmuş medeni maksatly binalara özboluşly gözellik çaýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň