«Şabat» hususy kärhanasynda dürli önümleriň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär

02:0921.05.2019
0
1591

Daşoguz welaýatynyň telekeçileri işlerini şu güniň talabyna laýyk guramak bilen täze sepgitlere tarap ynamly barýarlar. Olar ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmeklige özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýokary hilli, ter hem arassa azyk önümlerini öndürmekde Daşoguz welaýatyndaky «Şabat» kärhanasynyň süýt, gaýmak, gatyk we mesge önümlerini öndürýän bölümlerinde netijeli we dürli işler alnyp barylýar. Kärhananyň hünärmenleri ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmeklige özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar. Önümleriň ýokary hil derejesinde öndürilmegi üçin bolsa, kärhanada ornaşdyrylan daşary ýurt enjamlary doly mümkinçilik berýär. Hususy kärhanada dürli önümleriň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär. Geljekde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artdyrylmagy göz öňüne tutulýar. Netijede bolsa ak bazarlarymyz talaba laýyk öndürilýän dürli görnüşli azyk önümlerinden doly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň