Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen boksçulary Russiýada geçiriljek ýaryşa gatnaşar

20:4320.05.2019
0
9455

Türkmen boksçulary iýun aýynyň ortalarynda Grozny şäherinde (Çeçenistan Respublikasy, Russiýa) russiýaly boksçular bilen özara ýoldaşlyk tutluşyklaryny geçirer diýip, RIA Nowosti ýurduň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Eduard Krawsowyň aýdanlaryna salgylanyp, habar berýär.

"Biz iki sany düzümi kesgitledik. Olar bilen Minsk şäherinde geçiriljek Ýewropa oýunlaryna taýýarlyk görýäris. Russiýanyň ýygyndysy häzir Prielbrusda türgenleşýär, ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygymyz bolsa 1-nji başlar. Käbir türgenlerimiz 16 - 17-nji iýun aralygynda Grozny şäherinde Gazagystanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň wekilleri bilen özara ýaryş geçirer. Onda boksçular 10 agram derejesinde ýaryşar" diýip, tälimçi telefon arkaly habar berdi.

Ozal hem habar berşimiz, Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysyny şu ýylyň başyndan bäri ukrainaly hünärmen Wladimir Dworsow türgenleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň