Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň Daşary işler we daşary Söwda ministri Peter Siýartony kabul etdi

15:5620.05.2019
0
4787

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Daşary işler we daşary Söwda ministri Peter Siýartony kabul etdi. Duşuşyga Wengriýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Peter Sandon gatnaşdy. Wengriýanyň Daşary işler we daşary Söwda ministri wagt tapyp kabul edenligi üçin hoşallyk bildirip Milli Liderimize Wengriýanyň Prezidentiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Wengriýaly hyzmatdaşlaryň döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan we ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary tassyklanyldy. Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, iki taraplaýyn we köp taraplaýyn görnüşde, şol sanda ýewropa bileleşiginiň sözleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Wengriýanyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýdyp Bitarap Türkmenistanyň deň hukukly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutylýan meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda dürli ugurlarda tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin, ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda ykdysady ulgamy, ulag, energetika toplumy, senagat ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem Milli Liderimiz we myhman ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy baýlaşdyrýan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde däp bolan syýasy diplomatiki gatnaşyklary mundan beýläkde berkitmegiň, daşary syýasat edaralaryň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleri dowam etmegiň ähmiýeti bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň