Arhiw

Aşgabatda BMG-niň edaralaryna saýlanmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi geçirildi

13:5420.05.2019
0
2746
Aşgabatda BMG-niň edaralaryna saýlanmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi geçirildi

17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisiniň işiniň barşynda bu edaralaryň düzümine saýlandy.

Türkmenistanyň tarapyndan bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler, içeri işler, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.  

BMG-niň tarapyndan mejlise BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň,  Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Iş meýilnamasynyň gurluşyny ara alyp maslahatlaşdylar, onuň işlenilip düzülmegi boýunça tekliplere seredip geçdiler we geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň