Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Ýaşlar ligasy - 2019, 7-nji tapgyr: "Altyn asyr II" ýeňlişsiz ýoluny dowam edýär

11:0620.05.2019
0
4772

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýedinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyrda myhmançylykda “Aşgabat II” topary bilen duşuşan “Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzümi 4:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, birinjilikdäki ýeňlişsiz ýoluny dowam etdirdi. Ikinji orny eýeleýän “Köpetdag II” hem bu tapgyryň duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. “Köpetdag II” topary myhmançylykda “ahally” deň-duşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykfylar. Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň 18 utuk toplan “Altyn Asyr II” birinji, 15 utugy bolan “Köpetdag II” topary bolsa ikinji orunlary eýeleýärler. Ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyny “Energetik II” topary eýeleýär.

Futbol birinjiligiň dördünji tapgyrynyň galdyrylan duşuşyklarynyň 29-njy maýda geçirilýändigini ýatladýarys.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

VII tapgyr:

“Şagadam II”  – “Nebitçi II” - 4:2

“Merw II”  – “Energetik II” - 1:1

“Köpetdag II”  – “Ahal II” - 1:0

“Aşgabat II”  – “Altyn Asyr II” - 1:4

Ýaryş tertibi:

1. “ALTYN ASYR II” 6/18

2. “KÖPETDAG II” 6/15

3. “ENERGETIK II” 6/10

4. “ŞAGADAM II” 6/10

5. “NEBITÇI II” 6/7

6. “MERW II” 6/4

7. “AHAL II” 6/2

8. “AŞGABAT II” 6/2

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň