Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanyp dabara geçirildi

02:2120.05.2019
0
4234

Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň güni uly dabaralar we ruhubelentlik bilen bellenilip geçirildi. Şatlyk şowhuna beslenen baýramçylyk çäreleri halkymyzyň bagt kanunynda milli mertebämiz bolan, ýaşyl tugumyza bolan çäksiz buýsanjynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Günüň ir säherinden badalga alan şowhunly çäreler Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyza sowgat berlen nowruz ýaýlasy türkmeniň Ak öý binasyndan badalga alan baýramçylyk ýörişi bilen başlandy. 
Soňra dabara Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde baýramçylyk ruhunda birkemsiz bezelen meýdançasynda dowam etdi. Bu çäre ýurdumyzyň döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi, mukaddes ýaşyl tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen başlandy. “Berkarar döwletiň ýaşyl baýdagy” diýlen at bilen geçirlen bu baýramçylyk dabarasynda aýdylan gutlag sözleri belent ruhda has buýsançly ýaňlandy. Çykyş edenler dünýäniň çar künjinde pasyrdaýan ýaşyl tugumyza bolan ýürek buýsançlaryny şahyrana sözler bilen beýan etdiler.  Agzybirligiň, jebisligiň ajaýyp nusgalaryny özüne siňdiren mukaddes tugumyz bu gün halkymyzyň mertebesini, bagtyýarlygyny älem jahana buşlaýar. Soňra dabaranyň dowamy welaýatyň tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk çykyşlaryna ulaşdy. 
Türkmeniň gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşünden alyp gaýdýan, nesilden nesle geçip bu günki günlere çenli gelip ýeten milli aýdym-saz sungatyna döwrebap hem döredijilikli ösdürýän sungat ussatlarynyň ezberlik bilen ýerine ýetiren joşgunly mukam bolup ýaňlanan aýdymdyr sazlarynda, tanslarynda, edebi sazly kompazisiýalarynda watanymyzyň, dünýäniň çar künjüne ýalkym saçýan mukaddes ýaşyl baýdagymyzyň waspy ýetirildi. Ahal welaýat häkimliginiň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we baş bilim müdirlikleriniň guramaklarynda Änew şäheriniň medeniýet öýünde, şeýle-de Gökdepe etrabynyň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde geçirilen dabaraly aýdym-sazly maslahat il günümiziň, mukaddes döwlet baýdagymyzyň hormat sarpalarynyň çäksizliginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy. Şanly baýramçylyklar mynasybetli welaýatyň Saragt, Ak bugdaý, Tejen, Gökdepe, Bäherden, Kaka, Babadaýhan etraplarynda geçirilen dabaralar “Belent sepgitleriň nurly çyragy, baş kanunym rowaçlygyň kepili” diýlip atlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň