Arhiw

Mary welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanyp dabara geçirildi

01:3520.05.2019
0
4339

Esasy baş kanunymyza we mukaddes döwlet baýdagymyza bolan belent hormat sarpanyň nyşany hökmünde Mary welaýat häkimliginiň, baş bilim, saglygy goraýyş we medeniýet müdirlikleriniň, Demokratik we Agrar, Kärdeşler arkalaşyklaryň welaýat birleşmeleriniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetleriniň, Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda ulydan tutylan bu baýramçylygyň welaýat derejesinde geçirilen esasy aýdym-sazly dabarasy ir säherden Baş baýdak meýdançasyndan başlady. Bu dabarada döwlet senamyz ýerine ýetirilip, mukaddes döwlet baýdagymyz belende galdyryldy. Soňra baýramçylyk dabarasynda çykyş eden adamlar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşuny üpjün etmekde alyp barýan il-ýurt, umumy adamzat bähbitli işleri üçin Milli Liderimize ýüreklerinden joşup çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Aýdym sazlaryň hoş owazy belentden ýaňlandy. Welaýatyň medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, aýdymçylary, döwrebap tans toparlary özleriniň buýsançlaryny beýan etdiler. Goşa baýram goşa toý mynasybetli baýramçylyk çäresi soňra Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada dowam etdi. Bu dabara “Bagt kanunym baky bagt eçilýär, asmanda parlaýar döwlet baýdagym” diýlip atlandyryldy. Toý çäresi soňra şäheriň görkana köçesiniň ugrunda gurnalan baýramçylyk ýörişi bilen dowam etdi. Ýörişe gatnaşyjylar türkmeniň Ak öý binasyna geldiler. Murgap, Ýolöten, Türkmengala, Wekilbazar, Sakarçäge, Oguzhan etraplarynda geçirilen toý çäreleri hem uly ruhubelentlige beslendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň