"Altyn asyryň" AFK-nyň kubogyndaky garşydaşlary Täjigistanyň çempionatynda biri-biri bilen duşuşdylar

00:5520.05.2019
0
5182

Hujand şäheriniň "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynda Täjigistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň jemleýji duşuşygy geçirildi. Onda ýerli "Hujand" "Istikloly" kabul etdi.

7-nji tapgyryň esasy duşuşygyna stadionda 8,5 müň tomaşaçy ýygnandy. Duşuşyk myhmanlaryň - "Istiklolyň" 3:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky pökgüleriň ilkinjisini 31-nji minutda Asiljon Begimkulow öz derwezesine geçirdi. Ikinji, üçünji pökgüleri bolsa 74-nji minutda Ehsoni Pançşanbe we 78-nji minutda Ahtam Nazarow geçirdi.

Birinji aýlawdan soň "Istiklol" 19 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň