Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedowyň goly "Dordoýyň" ýeňşi üçin ýeterlik bolmady

00:3720.05.2019
0
4235

"Altyn asyryň" AFK-nyň kubogy - 2019-daky garşydaşy - Bişkek şäheriniň "Dordoý" futbol topary Gyrgyz Respublikasynyň çempionatynda Oş şäheriniň "Alaýyny" kabul etdi. Paýtgatdaky Dolen Ömruzakow adyndaky stadionda geçirilen duşuşykda derwezlere 7 pökgi girizildi. Düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow hem çykyş edýän "Dordoý" öz meýdanynda geçirilen duşuşykda çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşinden 3:4 hasabynda ýeňildi. Türkmenistanly hüjümçi bolsa toparynyň üçünji pökgüsini geçirdi. 

"Dordoý" - "Alaý" - 3:4

Gollar: Anton Zemlýanuhin, 8 (11 m.j.u.), Kaýrat Žyrgalbek uulu, 75, Wahyt Orazsähedow, 79 (11 m.j.u.) - Akromjon Umarow, 16, Dmitriý Ostrowskiý, 30, Joel Kojo, 35, Kelwin, Inkum, 81.

Häzir Wahyt Orazsähedow iň netijeli futbolçylaryň sanawynda "Alaýdan" Joel Kojo we "Ilbirsden" Kadyrbek Şaarbekow bilen bilelikde birinji orny paýlaşýar. Bu futbolçylaryň üçüsi hem möwsümde 7 gezek tapawutlandy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň