Dynç güni saglyk ýoluna çykyldy

00:0120.05.2019
0
1371

Dynç güni paýtagtymyzda Saglyk ýoluna çykylmagy ýurdumyzyň dürli künjeginde geçirilen çäreleriň özboluşly badalgasyna öwrüldi.  Säheriň arassa howasynda watandaşlarymyz we talyp ýaşlar ýörişe başlamazyndan öň beden gyzdyrma maşklary bilen birlikde sportuň dürli görnüşlerinden görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Owadan hem birmeňzeş geýnen talyplaryň uly joşgun hem ruhubelentlik bilen görkezen çykyşlary olarda Saglyk ýolunyň ilkinji tapgyrynyň beýige galýan, islendik türgeniň bedenine agram salyp, kynçylyk döredýän basgançaklaryny turuwbaşdan ýeňil geçmäge itergi berdi. 
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanan dabaralar Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerinde dürli sport görnüşlerinden bäsleşikler dowam etdirildi. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlem şeýle ajaýyp sport binalarynda, seýilgähleriň  ugrunda, mekdep stadionlarynda şu günler ir-ertirdir, giç agşam ylgaýan ýaşlara, orta we uly ýaşly adamlara gabat gelmek bolýar. Ýaş okuwçylar, talyplar, alymlar, lukmanlar, işçiler, mugallymlar, öý hojalykçylar, nepagadakylar (pensiýadakylar) saglyk ýoluny geçýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň