Soňky habarlar

Arhiw

Fubol, TÝL - 2019, 10-njy tapgyr: "Ahal" bilen "Altyn asyr" ýene utuk ýitirdi

21:2919.05.2019
0
10120

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 10-njy tapgyryň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda ýerli "Nebitçi" ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy "Ahaly" kabul eden bolsa, paýtagtdaky "Nisa" stadionynda "Altyn asyr" bilen "Energetik" duşuşdy. Ikisi hem deňlik bilen tamamlanan duşuşyklarda çempionlygyň esasy dalaşgärleri "Altyn asyr" bilen "Ahal" nobatdaky gezek utuk ýitirdi.

Paýtagtda geçirilen duşuşykda "Altyn asyr" utulyşdan soňky minutlarda halas boldy. 34-nji minutda "Energetik" Begli Meredowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlandy. Myhman toparyň bu üstünligi 89-njy minuda çenli dowam etdi. Ýöne esasy wagtyň tamamlanmagyna 1 minut galanda, Selim Nurmyradow häzirki çempiona deňlik getiren goly geçirdi. 96-njy minutda "Energetigiň" futbolçylary ýer eýeleriniň derwezesine ýene bir pökgini geçirdiler, ýöne bu gol duşuşygyň baş emini Saparmämmet Gurbanow tarapyndan hasap edilmedi. 

10 tapgyrda 7 duşuşyk geçiren "Altyn asyr" 13 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Onuň tapgyrdaky garşydaşy bolsa 12 utuk toplady.

Balkanabatda geçirilen duşuşyk dartgynly bolan hem bolsa, janköýerler derwezelere geçirilen pökgülere şaýat bolmadylar. "Nebitçiniň" myhmany bolan öňdebaryjy möwsümde 5-nji gezek utuk ýitirdi. Meseläniň "Ahal" üçin has howply tarapy, şu ýyl juda gowy oýun görkezýän "Şagadam" aralygy 1 utuga çenli ýygyrdy.

Çempionatyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna 24-nji maýda badalga berler.  

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Nebitçi” – “Ahal” – 0:0

Duýduryşlar: 60 Elýas Akyýew, 90+3 Aşyrgeldi Ylýasow, oýundan soň –Şamämmet Hydyrow (“Nebitçi”)

Meýdandan çykarylan: ikinji duýduryş – Elýas Akyýew (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

 “Altyn Asyr” – “Energetik” – 1:1

Gollar: 89 Selim Nurmyradow (“Altyn Asyr”) – 34 Begli Meredow (“Energetik”)

Duýduryşlar: 56 Myrat Annaýew, 83 Zafar Babajanow (“Altyn Asyr”) – 35 Meýlis Rizaýew, 56 Amangeldi Saparow, 90+5 Begli Meredow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: S.Ýaryýew (Türkmenabat ş.)

Tomaşaçy sany: 200

 

Çempionatyň tablisasy X tapgyrdan soň:

1. “AHAL” 10/20

2. “ŞAGADAM” 10/19

3. “ALTYN ASYR” 7/13

4. “ENERGETIK” 9/12

5. “NEBITÇI” 10/12

6. “KÖPETDAG” 10/9

7. “AŞGABAT” 9/7

8. “MERW” 9/6

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň