Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanyp dabara geçirildi

14:4619.05.2019
0
2808

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanan dabaralar Balkan welaýatynyň ähli etraplarydyr şäherlerinde hem göwün göteriji, täsirli wakalar bilen utgaşyp döwrebap derejede bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli welaýat merkezindäki baş baýdak meýdançasynda guralan dabara hasam belentden tutuldy. Döwlet senamyzyň owazy astynda ýaşyl tutumyz al-asmana göterildi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň eziz watanymyzy şeýle-de, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duryp ýurdumyzyň halkyny röwşen ertirlere buýsançly gadamlar, şanly toýlar bilen alyp barýan Milli Liderimizi, bagt kanunymyzy, döwlet baýdagymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym sazlaram çar tarapa mukam bolup ýaň saldy. Tans folklýor toparlarynyň joşgunly çykyşlary hem dabaranyň şatlyk şowhununy arşa göterdi. Çäksiz söýgä, egsilmez buýsanja beslenen baýramçylyk dabarasy soňra welaýat we şäher häkimlikleriniň, Kärdeşler arkalaşyklaryň welaýat birleşmeleriniň, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalarynyň, Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölümleriniň bilelikde guramagynda dowam etdi. Welaýatyň Türkmenbaşy şäher Awaza, Magtymguly, Etrek, Esenguly we Bereket, Serdar, Hazar, Gumdag etraplarynyň geçiren aýdym-sazly dabaralary hem turuwbaşdan belent joşguna eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň