"Deňizçi" "Köpetdagdan" uly hasap bilen ýeňilse-de, Türkmenistanyň çempionatyndaky öňedabryjylygyny saklap galdy

12:1719.05.2019
0
4156

Türkmenistanyň futzal ligasynda 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilen bu tapgyrda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Deňizçi” paýtagtymyzyň “Köpetdagyndan” ýeňlişe sezewar boldy. Ýöne muňa garamazdan, Türkmenbaşy şäheriniň topary eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. Çekeleşikli geçen duşuşykda “Migrasiýany” 2:1 hasabynda ýeňen “Talyp sporty” ikinji orny eýeleýär. Ýaryş tertibiniň üçünji basgançagynda “Köpetdag” ornaşmagy başardy.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň futzal ligasy üç şäherde (Aşgabat, Türkmenbaşy hem-de Änew) geçirilip, 29-njy iýuna çenli dowam eder.

Türkmenistanyň futzal ligasynyň 15-nji, 16-njy hem-de 17-nji tapgyrlary Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän sport toplumynda geçiriler.

XIV tapgyryň netijeleri:

Oýun 79 “TNGIZT” - “Senagatbank” 1:3

Oýun 80 “Serhetçi” - “Daýhanbank” 6:12

Oýun 81 “Gümrükçi” - “Milli goşun” 2:3

Oýun 82 “Ahal” - “Nesil” 2:2

Oýun 83 “Talyp sport” - “Migrasiýa” 2:1

Oýun 84 “Deňizçi” - “Köpetdag” 0:6

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň