AFC Grassroots Football Day 2019: Aşgabatda çagalar futbol festiwaly geçirildi

11:5319.05.2019
0
7782

Şu gün, 19-njy maýda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň emeli örtükli türgenleşik meýdanynda 6-12 ýaş aralygynda doglan oglan-gyzlaryň we maýyp çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi.

Çagalar festiwalynyň açylyş dabarasynda TFF-niň, BMG-niň Çagalar fondunyň wekilleri, şeýle hem, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi horwatiýaly Ante Mişe çykyş etdiler.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Şeýle-de, festiwalyň soňunda ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen BMG-niň Çagalar fondunyň (UNICEF) bilelikde guramagyndaky çagalar festiwalyna  ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän çagalaryň 300 töwereginiň gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň