Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019, 10-njy tapgyr: "Şagadam" "Aşgabady" uly hasap bilen ýeňdi

20:2818.05.2019
0
10917

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň çäginde paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamyny” kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanan “Şagadam” 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Gazanan ýeňşinden soň 19 utuk toplan Türkmenbaşy şäheriniň topary ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Ahal” bilen deňleşdi.

10-njy tapgyryň soňky iki duşuşygy 19-njy maýda geçirilip, “Nebitçi” “Ahaly”, “Altyn Asyr” bolsa “Energetigi” kabul eder.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Aşgabat” – “Şagadam” – 0:3

Gollar: 27 Röwşengeldi Halmämmedow, 78 Yhlas Magtymow, 83 Serdaraly Ataýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň