Soňky habarlar

Archive news

Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek ýeri anyklanyldy

15:0318.05.2019
0
2891
Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek ýeri anyklanyldy

Ýene-de dört ýyldan futbol boýunça nobatdaky Aziýa kubogy geçiriler. Yklym ýaryşyny geçirmek üçin Hytaý bilen Koreýa Respublikasy dalaşgärdi. Ýöne 15-nji maý güni Koreýa Respublikasy ýaryşy geçirmek üçin ýüztutmasyny yza çekdi, çünki döwlet esasy ünsi şol ýyl zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny geçirmäge gönükdirer.

Şeýlelikde, Aziýa kubogy ― 2023-i geçirmäge ýeke dalaşgär galdy. Ol hem Hytaý. Bu hakda 4-nji iýunda Parižde geçiriljek 69-njy kongresinde FIFA resmi ýagdaýda yglan eder.

Aziýa kubogy ― 2023 Hytaýyň 9 şäherinde geçiriler. Bu ýerde 2004-nji ýylda hem Aziýa kubogy geçirilipdi. Şol ýaryş Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem ilkinji yklym ýaryşy bolupdy. Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky ýygyndymyz ýene bir gezek Hytaýa yklym ýaryşy üçin gitmäge synanyşar.

Yklym ýaryşynyň ilkinji saýlama tapgyryna şu ýylyň 6-njy iýunynda badalga berler. Bu tapgyrda AFK-nyň reýtinginiň 35 ― 36-njy orunlaryndaky milli ýygyndylar öz aralarynda ýaryşalarlar. Olaryň 6-sy ikinji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Toparçalar esasynda geçiriljek ikinji saýlama tapgyr, şol bir wagtyň özünde Katar ― 2022-niň hem birinji saýlama tapgyryna öwrüler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşa şu tapgyrdan girişer. «Wikipedia» erkin ensiklopediýasynyň maglumatlaryna görä, saýlama tapgyrlaryň birinjisi 6 ― 11-nji iýun aralygynda geçiriler. Ikinji tapgyr bolsa, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda başlanyp, 2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda tamamlanar.

Toparçalarda pes netije görkezen ýygyndylaryň arasyndaky pleý-off duşuşyklary 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabry ― 17-nji noýabry aralygynda geçiriler. 2021-nji ýylyň 30-njy martyndan 2022-nji ýylyň 29-njy marty aralygynda bolsa Aziýa kubogy ― 2023-e gatnaşjak 24 milli ýygyndy gutarnykly kesgitlener.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň