Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow: «Pökgini depmezden ozal onuň derwezä girjekdigine ynanýaryn»

14:5218.05.2019
0
3764

(Championat.asia saýtynda Daşkent şäheriniň «Lokomotiwiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow bilen janköýerleriň sowallary esasynda taýýarlanan söhbetdeşlik)

Ýurdumyzda birnäçe türkmenistanly futbolçylar çykyş etdi. Mysal üçin, Goçguly Goçgulyýew, Artur Gewrokýan, Arif Mirzoýew, Witaliý Alekperow we başgalar. «Lokomotiwiň» ýarym goragçysy öz ildeşlerine mynasyp derejedäki oýny orta goýýar. Mundan ozal AGMK we «Buhoro» klublarynda futbol oýnan Arslanmyrat bu möwsümde «Lokomotiw» bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy ýakynda saýtymyzyň okyjylary tarapyndan berlen sowallara jogap berdi.

― Arslanmyrat, täze toparyňyza öwrenişmek  möwriti sizde nähili geçdi?

― «Lokomotiwde» sazlaşygy ýola goýmak meniň üçin juda ýeňil boldy. Toparyň agzalary eýýäm ilkinji günden meni gyzgyn dostluk bilen kabul etdiler. Elbetde, bu ýagdaý her bir topara täze gelen futbolçy üçin möhümdir. «Lokomotiwde» ençeme ýyllardan bäri futbol oýnap gelýän topardaşlarymyzyň ýardamy bilen men gysga wagtda topara uýgunlaşyp gitdim.

― Hiç hili kynçylyk bolmadymy?

― Näme diýsemkäm?! Aziýa kubogy ― 2019-da milli ýygyndy bilen türgenleşip, duşuşyklara gatnaşyp, soňundan hem täze bir topara goşulmak, elbetde, ýeňil däl. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, ähli zat ýerbe-ýer boldy. Başga meselelerde hiç hili kynçylyk döremedi.

― «Lokomotiwiň» teklibini kabul etmegiňiziň esasy sebäbi näme?

― Özbegistana gelelim bäri, bu topara aýratyn uly hormatymyň bolandygyny gypynçsyz aýdyp bilerin. «Lokomotiwiň» we onuň futbolçylarynyň oýun uslyby maňa hemişe ýaraýardy. Şonuň üçin topardan teklip gelen dessine, hiç hili ýaýdanman kabul etdim.

― Türkmenistanly janköýerler özbek futbolyndan näderejede habardar?

― Mälim bolşy ýaly, Özbegistanyň çempionatynda türkmen futbolçylarynyň ençemesi çykyş etdi, olaryň arasynda özbek janköýerleriniň aýratyn hormatyny we söýgüsini gazananlary hem bar. Ilkinji nobatda bolsa gözümiziň öňüne Goçguly Goçgulyýew bilen Artur Geworkýan gelýär. Olardan başga-da, Arif Mirzoýew, Witaliý Alekperow, Rüstem Saparow dagylar hem özbek janköýerleriniň ýadyndadyr. Öz nobatynda, türkmenistanly janköýerler hem özbek futbolyndan ýakyndan habardar. Olar Özbegistanyň çempionaty bilen hemişe gyzyklanyp durýarlar. Belki munuň sebäpleriniň biri iki döwletiň biri-birine goňşulygyndandyr. Ikinji bir sebäbi hem çempionatda türkmen futbolçylarynyň çykyş edýändiginden bolsa gerek. Şu sebäpden, özbek janköýerleri hem Russiýanyň ýa-da käbir beýleki döwletleriň çempionatlary bilen ýakyndan gyzyklanýarlar-a! Edil, şu ýagdaý bize-de bar.

― Häzir «Lokomotiwde» içerki ýagdaýlar nähili?

― Toparda hemme zat ýerbe-ýer. Biz bir maşgala ýaly türgenleşýäris. Men hiç hili düşünişmezlik we mesele göremok. Her kim birek-birege ýardam berýär. Men «Lokomotiwiň» içerki howasy hemişe-de şeýle bolandyr diýip pikir edýärin, çünki başga toparda çykyş edip, «Lokomotiwi» daşyndan synlaýarkaň hem ters täsir döredip biljek hiç bir hat göze ilmeýärdi.

― Janköýerleriň biri şeýle bir sowal ýollapdyr. Eger Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 23 futbolçy bilen Özbegistanyň Superligasynda ýaryşýan bolsa, topar ýaryş tertibindäki haýsy orunlar üçin göreşerdi?

― Bu ― juda nädogry sowal. Heý, Ýer ýüzünde milli ýygyndynyň haýsydyr bir ýurduň çempionatynda ýaryşan ýeri barmy? Galyberse-de, bu sowalyň Türkmenistanyň milli ýygyndysyna hormat goýmazlyk manysynda gelmegi mümkin. Dogry, biz Aziýa derejesinde o diýen bir öň hatardaky ýygyndy däl. 2004-nji ýyldan bäri Aziýa kubogyna gatnaşyp bilmän gelýärdik. Şu ýyl bolsa muny hem başardyk. Şonuň üçin beýle sowallary ýerliksiz hasaplaýaryn.

― Özbegistana ilkinji gezek 2015-nji ýylda geldiňiz we AGMK, «Buhoro» toparlarynda futbol oýnadyňyz. Ozalky toparlaryňyz sizde nähili täsir galdyrdy?

― Men çykyş eden toparlarymyda öz hakynda gowy täsir galdyrmaga, janköýerleriň ynamyny gazanmaga çalyşýaryn. Özbegistanyň çempionaty hakyndaky pikirimi dowam etdirsem, ählimiz şol bir işi edýäris ― futbol oýnaýarys. Ýöne dürli-dürli toparlarda. Bu gün bir toparda, ertir başgasynda. Her bir toparyň özüne mahsus gowy taraplary bar. Şonuň üçin AGMK bilen «Buhoroda» hem ýakym bilen ýatlamaga mynasyp ýatlama kän.

― Karýeraňyza nazar aýlap, bir toparda köp bolanda iki ýyl futbol oýaýndygyňyzy görýäris. Näme üçin birnäçe ýylyňyzy şol bir topara bagyşlamadyňyz?

― Elbetde, her bir ýagdaýyň öz sebäbi bar. Käbir ýerlerde bu ýagdaý diňe maňa bagly bolmady, bu çykyş eden toparlaryma hem dahylly sebäpler. Netijede, özüme başga topar gözlemäge mejbur boldum. Şol bir toparda uzak ýyllaryň dowamynda futbol oýnamagy özüm hem islärdim.

― Siziň pikiriňizçe, geçiren gollaryňyzyň arasynda iň owadany haýsy?

― Elbetde, owadan gollary hem geçirmek nesip etdi. Olaryň iň soňkusy hökmünde, gürrüňsiz, Aziýa kubogynda Ýaponiýanyň derwezesine geçiren golumy görkezerdim. Bu gol özüme hem ýarady. Ýöne ýatlamaga mynasyp başga-da pursatlar bar. Mysal üçin, 2014-nji ýylda «Irtyşyň» düzüminde-de şeýle owadan gollaryň birini geçiripdim. Şol gezek meýdanyň merkezinde kabul den pökgimi çep ganatda jerime meýdançasyna çenli getirmek, ol ýerde-de garşydaş toparyň birnäçe futbolçysy aldap geçip, derwezä dürs gönükdirmek başardypdy. Geçen ýyl «Lokomotiwiň» derwezesine geçiren golum hem hiç neneň däldi.

― Uzakdan gol geçirmek siziň aýratyn başarnygyňyz diýip kabul edýärsiňizmi? Çünki ýakynda «Buhoronyň» derwezesine geçiren pökgiňiz hem owadandy.

― Näme diýip bilerin?! Käte pökgini depmezden ozal içimde gol geçirip biljekdigime ynam oýanýar. Şol ynam bilen hem derwezä batly urgy geçirýärin. Bu ynam henize çenli-hä aldanok. Onsoň hem urgynyň bady hem köp zady çözýär. Batsyz, güýçsiz urgudan gola garaşmak mümkinçiligi az.

― Pökgini depdiňiz, ýöne ol heniz häli derwezä girenok. Onuň gol bolup-bolmajakdygyny şol pursatda çaklap bilýäňizmi?

― Urgymyň gola öwrülip biljekdigine ynamym bolanda, gysga wagtda dürs nyşanlamagy hem ýatdan çykaramok. Pökgi eýýäm howa göterilenden soň bolsa gol barada belli bir çaklama eýe bolup bilerin. Galyberse, derwezewanyň nirde duranyny hem anyk saýgarmak zerur. Mende şeýle pursatlar has kän bolup biler, ýöne her pursatda derwezä pökgi depip durmak hem dogry çözgüt däl. Belki, topardaşlarymyň haýsydyr bir has göwnejaý ýerde durandyr. Şonuň üçin ýüregimi diňleýän, şonuň merine görä-de hereket edýärin. Onsoňam, bu futbol: käte 100 göterim gol bolup biljek pursatlary hem sypdyrýaň, käte bolsa kyn pursatlarda gol geçirmek başardýar.

― Geçiren pökgüleriňiziň hasabatyny ýöredýärsiňizmi?

― Ýok. Ýöne men oýunlarymyň sanyny, haýsy toparda näçe pökgi geçirenimi, haýsy topar bilen näçe utuk gazananymyzy we nämeleri gazananymyzy aýdyp bilerin. Gollary sanamak bilen bolsa, goý, žurnalistler we janköýerler meşgullansyn! Futbol şeýle bir oýun: onda 90 minudyň dowamynda meýdanda bardygyň bildirmän gezip, soňunda gowy netije hem görkezip bilersiň. Ýöne ýokary derejedäki oýun, urgular we tapawutlanmak her kime-de ýaraýar.

― Özbegistanyň çempionatyna gelmezden ozal, özbek futboly barada nähili pikirdediňiz?

― Ýurtda futboluň gymmatynyň juda belentdigini, janköýerleriň futboly ýürekden söýýändigini bilýärdim. Özüm hem bu ýerde ozal futol oýnan ildeşlerimiň oýny bilen gyzyklanardym. Özbegistanda futbolyň tehniki taraplary güýçli. Gazagystanda bolsa başgaça. Dogrusyny aýtsam özbek futbolyny Ispaniýanyň, gazak futbolyny bolsa Angliýanyň futbolyna meňzetmek isleýärin.

― Derwezä dürs urgy geçirmek babatynda ýekelikde-de türgenleşýärsiňizmi ýa-da ähli türgenleşikleriňizi topar bilen bile alyp barýarsyňyzmy?

― Elbetde, öz üstümde kän işleýärin. Şahsy türgenleşik futbolçynyň kämilleşmeginde esasy şertleriň biri.

― Iň halaýan futbolçyňyz kim?

― Lionel Messi.

― Täze düzgünnama görä, Superligada 1997-nji ýylda we ondan soň doglan birnäçe futbolçynyň azyndan 45 minut oýnamagy şert. Bu bolsa öz gezeginde käte siziň meýdana esasy düzümde çykmagyňyza päsgel berýär. Şeýlelikde, ätiýaçdaky oýunçylaryň hatarynda galýan gezekleriňiz hem bolýar. Bu ýagdaý sizi biynjalyk etmeýärmi?

― Birinjiden, düzgünnamalara hormat goýmak gerek. Çünki ony düzüjiler şu talaby ýönelige girizen däldir. Men profesional futbolçy hökmünde her bir akylly-başly düzgüni tüýs ýürekden kabul edýärin. Esasy zat, goý, futboly ösdürmekde bu düzgünleriň ähmiýeti degsin!

― Bir toparda oýnan futbolçylaryňyzyň arasynda iň güýçlüsi kim?

― (Biraz oýlanyp) Men merkezi ýarym goragçy Anzur Ismailowyň adyny agzap biljek. Anzur bilen bir toparda oýnap başlanymyza heniz köp wagt geçenok, ýöne ol, meniň pikirimçe, iň güýçli futbolçy.

― Siziň pikiriňizçe, Özbegistanyň haýsy şäherinde futbola bolan söýgi has güýçli?

― Birinji nobatda Namangan, soňra bolsa Buhoro aňyma gelýär. «Buhoroda» oýnandygym üçin bu şäherde futbolyň niçik söýülýändigini oňat bilýärin.

― Biz Türkmenistanda hemişe güýçli futbolçylaryň ýetişýändigini oňat bilýäris. Bu ýurtda çagalar futbolyna berilýän ünsüň netijesimi?

― Hem milli ýygyndy, hem klublar bilen bagly agyr ýyllar hem kän boldy. 2004-nji ýylda Hytaýda geçirilen Aziýa kubogyndan soňra, milli ýygyndymyz resmi duşuşyklarda o diýen bir gowy netije görkezmedi. Şeýlelikde, ýurdumyzda futbolyň derejesi az salym pese düşdi. Ýöne federasiýamyzda bolup geçen özgerişler, futbolyň ösmegine hem oňyn täsirini ýetirdi. Gowy futbolçylaryň ýetişmegini men irginsiz göreş, zähmet bilen baglamak isleýärin. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy netijeli işlerini häzir hem dowam etdirýär. Futbol we futzal ýygyndylarymyza horwatiýaly hünärmenler tälimçi bellenildi. Nesip bolsa, ähli zat gowy bolar!

― Täze baş tälimçi bilen duşuşmak miýesser etdimi?

― Häzirlikçe, ýüzbe-ýüz duşuşamzok. Ýöne telefonda gürleşdik. 20 minut çemesi dowam eden telefon söhbetdeşliginiň dowamynda birek-birek bilen tanyşdyk, tälimçi öz maksatlaryny aýtdy. Meniň bilşime görä, ýakyn günlerde ýygnanyşyk geçirer. 1-nji iýunda milli ýygyndymyzyň okuw-türgenleşik ýygnanyşgy üçin Türkiýä gitjekdiginden habarym bar. Bu ýerde iki sany ýoldaşlyk duşuşygy hem meýilleşdirilýär. Täze baş tälimçimiz şol duşuşyklarda futbolçylary synagdan geçirmekçi.

― Özbek we türkmen futbolynyň arasyndaky esasy tapawut nämede?

― Özbegistanda, ilkinji nobatda, futbolyň tehniki taraplaryna we pökgä erk etmäge üns berilýär. Galybserse-de, Özbegistanda professional klublar we futbolçylar köp. Biziň Watanymyzda futbola bolan üns ýokary, ýöne futbolyň derejesi häzir has ýokary däl. Assa-ýuwaş derejämizi hem ýokarlandyrarys diýip umyt edýärin. Munuň üçin Watanymda ýadawsyz işler hem alnyp barylýar.

― Maşgalaňyz hakynda maglumat beräýseňiz!

― Öýlendim. Üç perzendim bar: üçüsem ogul. Uly oglum Emirhan 7, Yklym 5, Alyhan bolsa 2 ýaşynda.

― Özbek tagamlaryndan haýsyny halaýarsyňyz?

― Elbetde, aş.

―Mirjalol Kosimow özbek futbolynyň ady rowaýat öwrülen wekili hasaplanylýar. Türkmen futbolynda şeýle şahsyýet hökmünde kimi görkezip bolar?

― Ilkinji nobatda, Gurban Berdiýewi. Gurban Bekiýewiç hem futbolçy, hem tälimçi hökmünde uly işleri bitirdi. Ol «Rubin», «Rostow» ýaly toparlar bilen dünýäniň «Barselona», «Bawariýa» ýaly läheňlerini ýeňip boljakdygyny görkezdi. Men «Barselonany» gowy görýärin, ýöne «Rubin» ony ýeňende begenipdim.

― Bizde adyňyz we familiýanyňyz dürli-dürli ýazylýar: Arslonmurod Omonow, Arslanmurot Amonow ýa-da Amanow. Bularyň haýsy dogry?

― Dogrusyny aýtsam, şeýle sowala garaşýardym. Çünki, adym we familiýam, hakykatdan-da, dürli-dürli ýazylýar. Iň dogry görnüşi bolsa Arslanmyrat Amanow. Özüm hem: «Näme üçin meni «Omonow» diýip ýarýaňyz?» diýip soradym. Şonda maňa: «Özbek dilinde Omonow bolýar» diýip jogap berdiler. Ýöne serbiýaly futbolçylaryň ady, familiýasy häli ýerde dogry ýazylýar. Näme üçindir, meniň adyma gezek gelende, ýagdaý başgaça bolýar. Men muny düzetmeklerini häzir hem haýyş edýärin.

Terjime eden: TURKMENPORTAL.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň