Soňky habarlar

Archive news

Serhet galasynda dabaraly çäre geçirildi

01:0918.05.2019
0
391
Serhet galasynda dabaraly çäre geçirildi

Фото: tdh.gov.tm.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Serhet galasyna gelmegi we serhetçilere alabaý tohumyndaky arassa ganly güjükleriň 7-sini sowgat bermegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet Serhet gullugunyň ýolbaşçylary, serkerdeler we serhetçi esgerler gatnaşdylar. Milli Liderimiziň serhet birikmesine gelmegi bu ýerde gulluk edýän serhetçiler üçin taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň serhetçileriň dynç alyş we gulluk şertleri bilen gyzyklanmagy, serhetçiler bilen mukaddes çäkleri goramagyň aýratynlyklary bilen gürrüň etmegi Arkadag Prezidentimiziň harby gullukçylar hakynda edýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde ýurdumyzyň mukaddes çäklerini goraýan serhetçiler ahal teke bedewleri bilen bir hatarda alabaýlaram işjeň peýdalanýalar. Alabaýlar asyrlaryň dowamynda türkmeniň wepaly dostlary, ýoldaşlary bolupdyr.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň