Soňky habarlar

Arhiw

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde geçirilen maslahat

01:0618.05.2019
0
1267

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde geçirilen maslahat işjeň häsiýete beslendi. «Esasy kanunymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär. Şundan ugur alnyp biz milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda türkmenistanyň iň täze taryhyny döredýäris. Eziz watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Ösen ykdysadyýeti, kämil syýasy ulgamy bolan demokratik, hukuk dünýewi döwlediň binýadyny barha berkidýäris» diýip çykyşlarda bellenildi. Biz esasy kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, eziz watanymyzyň halkara abraýyny yzygider ýokarlandyrýarys diýlip çykyşlarda nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň