Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: "Köpetdag" bilen "Merwiň" arasynda ýeňiji ýok

23:3117.05.2019
0
5295

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyryna badalga berildi.

“Köpetdag” stadionynda ýerli “Köpetdag” Marynyň “Merwini” kabul etdi. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan bu duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.

Bu deňliginden soň “Köpetdag” toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde altynjy orny eýeleýär. 6 utugy bolan “Merw” ýaryş tertibinde soňky orunda barýar.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Köpetdag” – “Merw” – 2:2

Gollar: 28 Ambýar Mahmudow, 71 Nurýagdy Muhammedow (“Köpetdag”) – 42 Myratgeldi Gurbangeldiýew, 44 Döwlet Döwletmyradow (“Merw”)

Duýduryşlar: 34 Elýasberdi Berenow, 50 Baýramgeldi Gulmaýew, 83 Ezizmämmet Orazmämmedow (“Köpetdag”) – 27 Ýewgeniý Tkaçenko (“Merw”)

Meýdandan çykarylan: 90+3 Elýasberdi Berenow – ikinji duýduryş (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 100

Habaryň çeşmesi: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň