Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhanany açyp berdi

22:2017.05.2019
0
5440

Şanly sene goşa baýramçylyk mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi. Bu bolsa diňe bir etrabyň däl, tutyş welaýatyň ýaşaýjylary üçin goşa şatlyga öwrüldi. Bu ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ahal welaýat häkiminiň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow gatnaşdy. Baýramçylyk ruhyna şatlyk şowhuna beslenen bu dabara sungat işgärleriniň hoş owazly çykyşlaryna ulaşdy. Bu ýere gelen myhmanlar täze ýyladyşhana aýlanyp gördüler. Bu ýerde myhmanlara ýyladyşhanada ýetişdirilen dürli görnüşli pomidorlaryň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýurdumyzda iňden tanalýan telekeçi kärhanalaryň öndürýän gündelik sarp edilýän azyk önümleriniň sergileri bilen tanyş bolmaga mümkinçilik döredildi. Soňra dabaranyň geçýän ýerinde myhmanlara täze gurlan ýyladyşhana, onuň öndürýän önümleri dogrusynda gürrüň berýän wideo şekiller görkezildi. Milli Liderimiziň tarp ýerleri özleşdirmek we oba halkyny iş orunlary bilen üpjün etmek hakynda beren görkezmelerinden ugur alyp, ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde «Röwşen-Rahym» daýhan hojalygynyň 5 gektar ýyladyşhanasy ulanmaga berildi. Dünýäniň iň kämil innowasion tilsimatlaryndan peýdalanyp gurnalan döwrebap ýyladyşhananyň gurluşygynda bu ugurdan dünýäniň baý tejribesine eýe bolan kampaniýalaryň enjamlary ýerleşdirildi. Desga tebigy gaz arkaly ýyladylýar. Gazyň ýanmagyndan emele gelen tüsseleri kömürturşy gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýar we zyýansyzlandyrylyp ýyladyşhanada ösümlikleriň gün şöhlesi bilen birlikde fotosintez hadysasyny geçirmeginde peýdalanylýar. Ýylylyk we suw üpjünçilik ulgamlary kompýuterler arkaly amala aşyrylýar. Bu ýyladyşhananyň esasy aýratynlygy bolsa, çäginde 720 inedördül metr şitil hananyň bolmagydyr. Bu şitilhanada ýyladyşhanada ekiljek pomidorlary ýetişdirmäge mümkinçilikler bar. Bu ýyladyşhanada pomidorlaryň esasy üç görnüşi ösdürilip ýetişdiriler. Bu ýerde 50-ä golaý işgärler zähmet çekýär. Täze ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde öndürilýän önümleri öz ýurdumyzyň içerki bazarlaryndan daşgary birnäçe döwletlere eksport ediler. Ýyladyşhanada zähmet çekjek işgärleriň talaba laýyk naharlanmaklary üçin naharhananyň şeýle-de saglyk nokadynyň göz öňüne tutulmagy bu ýyladyşhana toplumynyň ähli dolandyryş işleriniň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylýanlygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň