Mary welaýatynyň ýüpekçileri 430 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar

21:5217.05.2019
0
3508

Habarlarymyzy ýurdumyzyň Mary welaýatynyň zähmetsöýer pileçi, ýüpekçi kärendeçileriniň hoş habary bilen dowam edýäris. Olar gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny kemala getirip bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Milli Liderimiziň kararyna laýyklykda 2019-njy ýyldan başlap piläniň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagy bolsa, ussat pileçileriň zähmete bolan höwesini hasam artdyrdy. Ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekleri üçin ýüpekçilere ähli zerur şertler döredildi. Ylmyň gazananlarynyň pileçilik pudagyna ornaşdyrylmagy, ýerli şertlerimize uýgunlaşan ýüpek gurçuklaryna kada laýyk ideg edip bol pile hasylyny kemala getirmegine uly itergi berdi. Ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmekde ýeterlik iş tejribe toplan Mary welaýatynyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly we ýadawsyz çeken zähmetleri netijesinde şu möwsümde ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan ýokary hilli piläniň 430 tonnadan gowragy taýýarlanyp, döwlete pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu belent sepgidiň eýelenmegine aýratynam welaýatyň Serhetabat, Tagtabazar, Sakarçäge, Türkmengala, Ýolöten, Oguzhan etraplarynyň edermen pileçileri saldamly goşant goşdular. Belent sepgidi eýeläp arzyly pellehana ýetmegi başaran welaýatyň ýüpekçileri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň baýramyny baýramçylyk sowgatlary bilen garşyladylar. Ýüpekçileriň bu gazanan zähmet ýeňşini gutlamak üçin welaýatyň dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlary marynyň Kemine adyndaky döwlet Drama teatryna geldiler. Bu ýere ýygnananlar döwrebap sergini synladylar. Ýüpekçilige we ýüpek önümlerine, haly we haly önümlerine bagyşlanyp gurnalan sergi hem bu dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlary belentden ýaňlandy. Zähmetsöýer maryly kärendeçiler möwsümiň dowamynda tutanýerli zähmet çekip gymmatly çig mal bolan piläniň 430 tonnadan gowragyny watan harmanyna tabşyryp bu baradaky şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etmekleri mynasybetli geçirilen çärede welaýatyň belli döredijilik toparlarynyň aýdymçylarynyň bagtyýar zamanamyzy wasp etdiler. Soňra dabarada welaýatynyň öňdebaryjy pileçi kärendeçilerine sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň