Türkmenistan bilen Russiýa gaz üçin bäş ýyllyk şertnama baglaşmaga taýýarlanýar

12:2417.05.2019
0
7280

Russiýa Federasiýasy Türkmenistan bilen türkmen gazyny öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda satyn almak boýunça şertnama baglaşmaga ýakyn diýip, Trend Russiýanyň TASS agentligine salgylanyp habar berýär.

Russiýanyň energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiniň aýtmagyna görä, bäş ýyllyk şertnama üçin işler tamamlaýjy tapgyrda barýar. Gaz şu ýylyň ikinji ýarymyndan akdyrylyp başlanar. Ministriň orunbasarynyň aýtmagyna görä, häzir taraplar baha meselesinde belli bir karara gelmek üçin gepleşik geçirýärler. Rus tarapy türkmen gazynyň Russiýa akdyrylyş möçberiniň 2016-njy ýyla çenli derejesine çykyp biljekdigini aýtdy. Deslapky maglumatlara görä, Russiýa gazyň 1000 kub metri üçin 240 dollar tölemäge taýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň