Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti serhetçilere ýedi sany alabaý sowgat berdi

04:4217.05.2019
0
21808

16-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdan uzak bolmadyk serhet galasyna bardy. Milletiň Lideri serhetçi esgerleriň gulluklary, olaryň dynç alşy we bu ýerde döredilen şertler bilen içgin gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerler bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda dünýä ykrarnamasyna eýe bolan we umumydünýä gymmatlyklarynyň möhüm bölegine öwrülen türkmen halysy, ahalteke atlary, türkmen alabaýy ýaly milli gymmatlyklary döredendigini gürrüň berdi. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary ýaly türkmen alabaýlarynyň hem halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendigini aýtdy. Şunlukda, häzirki döwürde alabaý tohumdaky itler goýun sürülerini, emlägi, şeýle hem Döwlet serhedini goramakda giňden ulanylýar.

Döwlet Baştutany şu gün serhetçi esgerlere mukaddes çäkleri goramakda ýakyn syrdaşa öwrüljek alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat berýändigini aýtdy. Milli Liderimiz türkmen ilinde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlyklaryň artýandygyny aýdyp, bu güjükleriň halkymyzyň ýagşy dessurlaryny mynasyp dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň degişli tälimleri geçensoň, mukaddes serhedi goramaga ukyply bolýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Bu köpekler geljekde serhetçileriň ýakyn ýardamçylaryna, olaryň wepaly kömekçilerine öwrülerler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda türkmen alabaýlary bilen ýörite okuw tälimleri geçirilýär, olaryň netijesinde türkmen alabaýlary jenaýatçylary ele salmak, şeýle hem partlaýjy maddalary ýüze çykarmak ýaly ukyplaryny ýüze çykarýarlar. Türkmen alabaýlary hem edil ahalteke bedewleri ýaly, asyrlarboýy türkmen halkynyň wepaly dosty we ýoldaşy bolup geldiler.

Bu özboluşly türkmen itleriniň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Şol bir wagtyň özünde bu tohumdaky irimçik itler öz eýesine, ýaşaýan öýüniň maşgala agzalaryna juda wepaly bolupdyrlar.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz alabaýlary serhet gullugyna taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileri öňde boljak şanly seneler bilen ýene bir ýola gutlap, olara döwlet serhedini goramak ýaly mukaddes gulluklarynda üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň