Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti alabaý hakyndaky kitabynyň üstünde işlemegini dowam etdi

04:1517.05.2019
0
8758

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda boldy. Döwlet Baştutany bu ýerde ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy we bedew bilen gezim etdi. Milletiň Lideri toplumyň çäginde täze doglan alabaý tohumyndaky güjükleri synlady we asylly däbe görä, olaryň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda tutup, güjüklere at dakdy. Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullanyp, alabaý hakyndaky täze kitabynyň üstünde işledi. Soňra döwlet Baştutany bu ýerden uzakda bolmadyk künjekde ýerleşýän serhet galasyna bardy.

Ir säher bilen milletiň Lideri Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Düýnki ýagan öýlänçi dag eteklerinde janly-jandar üçin ýakymly howa gurşawyny emele getirdi. Tenekar howanyň ynsan kalbyna ýakymly täsiri ylham joşgunyny döredýär. Dag etegindäki baýyrlaryň ýaşyl lybasa beslenmegi türkmen baharynyň sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Şapolat atly bedew bilen didarlaşdy we atly gezim etdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde täze doglan alabaý güjüklerini synlady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş otagyna geçip, bu ýerde alabaýlar hakynda täze kitaby ýazmaga girişdi.

Hormatly Prezidentimiz döredijilik işini tamamlap, toplan maglumatlaryny ýene bir ýola gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz başlan işini dowam etmegiň ugurlaryny kesgitläp, bu günki işini jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň