Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady

03:4617.05.2019
0
7821

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady.

Forumyň ikinji güni ugurdaş bölümçeleriň üçüsinde forumyň işi bir wagtda geçdi. Onuň barşynda foruma gatnaşyjylar medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumda häzirki şertlerde maddy we ruhy mirasy işjeňleşdirmek, köpugurly maglumat aragatnaşygyny emele getirmek, döredijilik alyş-çalyşmalar, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek we beýleki meseleler gozgaldy.

Şeýlelikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolan «Arkalaşygyň medeniýeti: hyzmatdaşlygyň köpugurly dili» atly bölümçede sungat, muzeý we kitaphana işlerinden başlap, neşir işlerine we beýlekilere çenli köp ulgamlary öz içine alýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Bu ugurlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, jemgyýetimiziň ruhy-medeni ösüşiniň ählitaraplaýyn ýokarlandyrylmagyna, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garalmagyna, türkmen halkynyň gadymy däpleriniň nesillerden-nesillere geçirilmegine, özboluşly milli adatlaryň, ene diliň goralyp saklanylmagyna gönükdirilendir.

«GDA-da bilim we ylym: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary» atly ikinji bölümçe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaýbaňlandy. Bu ýerde binýatlaýyn we amaly ylmy-barlaglaryň möhüm ugurlary, tehnologik işläp taýýarlamalar görkezildi. Türkmenistanyň we Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrylan hünär öwretmegiň we pedagogik tejribäniň usulyýetinde täzeçillikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Üçünji bölümçe «2019-njy ýyl — GDA-da Kitap ýyly» diýip atlandyryldy. Bölümçäniň işi Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi merkezinde geçirildi. Forumyň wekilleri sanlaşdyrmak eýýamynda adaty kitap medeniýetini ösdürmek we gorap saklamak, okamagy we media sowatlylygy wagyz etmek, şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda geçýän edebiýat çärelerini kemala getirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunda Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni gatnaşyklaryndaky orny nygtaldy. Bu gatnaşyklara ýokary derejede goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan medeni syýasaty netijesinde ýurdumyz bu gepleşiklere işjeň gatnaşýar, öz çäginde iri çäreleri hemişe ýokary guramaçylyk derejesinde kabul edýär. Häzirki döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Günüň ikinji ýarymynda Döwlet kitaphanasynda «Sowgatlyk kitaplar» atly däbe öwrülen çäre geçirildi. Ýurdumyzyň döwlet kitaphanasyna GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy tarapyndan rus nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň neşirleri sowgat berildi.

Mundan başga-da, dürli ýurtlardan gelen medeniýet işgärleri — suratçylar, heýkeltaraşlar, kompozitorlar, dirižýorlar, teatr artistleri we beýlekiler ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de Aşgabadyň ugurdaş ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary üçin ussatlyk sapaklaryny berdiler. Şeýle netijelilige beslenen duşuşyklar Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda hem geçirildi.

Myhmanlar ýaş kärdeşleri bilen tejribelerini we hünär ussatlyklaryny paýlaşdylar, iş ýüzünde birnäçe çylşyrymly tehniki usullary görkezip, okuw sapaklaryny geçdiler. Şeýle hem daşary ýurtly alymlaryň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ýaş işgärleri bilen duşuşygy boldy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumynyň ýapylyş dabarasy wekilleri ýene-de «Mekan» köşgüne ýygnady. Bu ýerde dürli bölümçelerde we dürli görnüşlerde geçen işjeň iki günlük işiň jemi jemlenildi. Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahatlar taýýarlanyldy. Ol maslahatlar forumyň kabul edilen Rezolýusiýasynda öz beýanyny tapdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Şol gün agşam Mukamlar köşgünde GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti forumyň ajaýyp aýdym-sazly jemlenmesine öwrüldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň