Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

00:0017.05.2019
0
7402

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Bu gezekki sergide ýurdumyzyň ugurdaş pudaklaýyn düzümleriniň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly kompaniýalaryň 70-e golaýynyň ýeten üstünlikleri görkezilýär.

Sergi ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň gazanýan üstünliklerini beýan etmek bilen bir hatarda myhmanlary obasenagat toplumynyň mümkinçilikleri, dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlary bilen tanyşdyrýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar oba hojalygynyň eksport ulgamynda we daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli önümçiligiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda öz tekliplerini hödürlemäge taýýardyklaryny mälim edýärler.

Serginiň bölümlerinde miweleriň, ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gök we bakja önümleriniň, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça obasenagat toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmeginde möhüm orny eýeleýän ýyladyşhana hojalyklarynyň önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär.

Sazlaşykly ösýän türkmen bazarynyň isleglerini nazara alýan daşary ýurtlaryň işewür toparlary obasenagat toplumyny tehniki taýdan üpjün etmek boýunça teklipler bukjasyny taýýarladylar.

Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri beýan etmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm şert hökmünde kesgitlän dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçiligi bolan meýdança öwrüldi.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly şu günki halkara ylmy maslahatyň gün tertibine GDA ýurtlarynda tohumçylygy dolandyrmak boýunça maglumat-seljerme ulgamynyň döredilmegine bagyşlanan meseleler girizildi. Onda tohumçylyk ulgamynda we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde milli işläp taýýarlamalar görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň