Myrat Ýagşyýew: "Ýeňiş goly - toparlaýyn oýnuň netijesi"

23:5916.05.2019
0
4987

Aşgabatda "Altyn asyr" bilen "Hujandyň" arasynda geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk goluň awtory we duşuşygyň iň gowy oýunçysy Myrat Ýagşyýew bilen gysgaça söhbetdeşlik.

– Myrat, ýeňiş pökgüsiniň awtory hökmünde, şol gol barada öz agzyňyzdan eşidäýsek. 

– Her bir oýunda bolşy ýaly, duşuşygyň bütin dowamynda garşydaş derwezä pökgi geçirmek meniň iň esasy islegim. Ýöne ýeňiş goly - toparyň sazlaşykly oýnunyň netijesi. Bu gol Altymyrat Annadurdyýewiň maňa geçiren ajaýyp pasyndan soňra geçirildi. 

 – 75-nji minutda saňa duşuşykda ikini gezek tapawutlanamaga-da ajaýyp mümkinçilik döredi, "Hujandyň" derwezewany bilen başa-baş galdyň. Bu pursatyň oňyn netije bilen tamamlanmagyna näme päsgel berdi?

– Men pökgini derwezewanyň üstünden geçirmekçi boldum, ýöne başa barmady.

– Oýundaky maksadyňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Biz diňe ýeňiş gazanmagy maksat edindik. Bu hemişe-de şeýle. 

– Siz özüňiziň duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilmegiňiz bilen ylalaşýarsyňyzmy?

– Meniň pikirimçe, bu ada derwezewanymyz Mämmet Orazmuhammedow mynasyp. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň