Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply ýüpekçiler şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler

23:2016.05.2019
0
4248

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Lebaply ýüpekçi kärendeçiler gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny kemala getirip, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdiler. Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan ýüpek önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan işlemeklik ýokary hilli ýüpek önümlerini öndürmek üçin häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün edilen önümçilik desgalarynyň ençemesi hereket edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp gymmatly çig maly bolan piläniň ýokary hasylyny kemala getirmek senagatymyz üçin möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Zähmetsöýer lebaply kärendeçiler möwsümiň dowamynda tutanýerli zähmet çekip gymmatly çig mal bolan piläniň 1000 (müň) tonnadan gowragyny watan harmanyna tabşyryp bu baradaky şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etmegi başardylar. Welaýatyň ähli etraplarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hem-de ylmyň soňky gazananlaryna laýyklykda alnyp barylmagy ýüpek gurçuklaryny talaba laýyk iýmitlendirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi ýokary netijäniň gazanylmagyna mümkinçilik döretdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň