Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

23:4515.05.2019
0
7870

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, iri desgalardaky gurluşyklarda işleriň ýagdaýy, umumymilli baýramçylyga — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Aşgabat şäheriniň gününe we şu aýyň beýleki şanly senelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belläp, Aşgabadyň köçelerini hem-de ekologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerine nägilelik bildirip, bu ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirip, gurulýan desgalaryň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegi häkimden berk talap etdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe, Aşgabat şäheriniň gününe hem-de mekdeplerdäki «Soňky jaň» mynasybetli dabaralary guramak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz ähli baýramçylyklary ýokary derejede geçirip, olar mynasybetli mazmunly we gyzykly çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip hem-de mekdep okuwçylarynyň dynç alşyny guramaçylykly geçirmäge amatly mümkinçilikleri döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmelidigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty welaýat häkimleriniň hasabaty bilen dowam etdi. Olar häzirki oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda galla oragyna görülýän taýýarlyk we ak ekinlere ösüş suwunyň tutulyşy, kadaly gögeriş gazanylan atyzlarda gowaçany ýekelemek, hatar aralaryny bejermek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak, zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça görülýän çäreler, sebitiň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak baýramçylyklaryň guramaçylygy barada milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi. Şol sanda Ahal welaýatynyň häkimi sebitde pile tabşyrmak baradaky borçnamanyň berjaý edilendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa soňky ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý oragyny üstünlikli geçirmek üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany gowaça ekişi baradaky meselä degip geçip, ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli berjaý edilmegini, zyýan berijileriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak arkaly gymmatly ekine ideg edilişini bellenen möhletde guramagyň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti sebitlerde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça häkimlere tabşyryklary berip, welaýatlaryň çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem mekdepleriň ýanynda döredilýän çagalar dynç alyş meýdançalarynda işleriň guralyşyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem 25-nji maýda bellenilýän «Soňky jaň» dabaralary mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreler uly türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirilmelidir.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli ilatyny ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de hemmelere berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň