Ahal welaýatynyň ýüpekçileri borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

23:4215.05.2019
0
3578

Ahal welaýatynyň ýüpekçileri möhüm zähmet üstünligini gazandylar. Olar döwlete 156 tonnadan gowrak pile tabşyryp ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etdiler. Bu hoş habary Milli Liderimize şu gün geçirilen Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi habar berdi. Milli Liderimiz welaýatyň ýüpekçilerini meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen gutlap olara täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şu ýyl welaýatda ýüpek gurçuklarynyň biziň howa şertlerimize birkemsiz uýgunlaşan tohumlarynyň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk iýmledilmegi Ahal welaýat Ýüpek önümçiligi birleşigi bilen şertnama baglaşan ýüpekçi maşgalalaryň her biriniň piläniň bol hasylyny öndürmegine ýardam berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň