Soňky habarlar

Arhiw

Üzüm melhemlik önüm

00:0315.05.2019
0
3804

Gadymy Ahal topragy özüniň täsin, tebigy gözelligi bilen has gadymy wagtdan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Gadymy ekinleriň biri bolan köp görnüşli üzümler özleriniň ýokary hilliligi hemem tagamlylygy bilen dünýäň ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Türkmen güneşiniň çogly nury bilen ýetişýän üzümler halkymyzyň iň oňat görýän gündelik sarp edýän önümleriniň biridir. Üzüm diňe terligine iýilmän eýsem ondan dürli tagamlaram taýýarlanylýar. Üzümden ýokary hilli kişmiş, toşap, mürepbe taýýarlanylýar. Üzüm özüniň melhemlik häsiýeti bilen hem giňden belli bolan önümleriň biridir. Onuň şiresinde adamyň kadaly ýaşamagy üçin gerek bolan mineral maddalar we mikro elementler jemlenendir. Şol sebäpli hem miwäniň bu görnüşi gadymy döwürlerden bäri lukmançylykda giňden ulanylýar. Ahal welaýatynyň çäginde üzüm ekilen meýdanlaryň möçberi ýylsaýyn artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň