Soňky habarlar

Arhiw

Maldarçylyk toplumyndaky işler

23:5514.05.2019
0
2025

Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler Halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda Oba senagat toplumynda bar bolan edara kärhanalar, önümçilik toplumlaram mynasyp goşant goşýarlar. Bu babatda ýurdumyzyň maldarlarynyň gazanýan netijeleri hem guwandyrjydyr. Maldarlar mallaryň baş sanyny artdyrmaklyga olardan alynýan önümleriň mukdaryny köpeltmeklige aýratyn üns berýärler. Ony pudakda alnyp barylýan göreldeli  işleriň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Daşoguz welaýatynyň Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda durmuşa geçirilýän işler munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde döredilen şertler ulgamda işlemegiň täze tejribesine badalga berilýänligini aýdyň görkezýär. Ähli işleriň häzirki zaman usullary arkaly amala aşyrylmagy ýörite bellenilmäge degişlidir. Bu ýerde öndürilýän et we süýt önümleriniň ilat arasynda ýokary islegden peýdalanýanlygyny aýratyn bellemek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň