Soňky habarlar

Arhiw

Witaliý Lewçenko: "Aşgabada ýeňiş ýa-da deňlik üçin geldik"

17:2414.05.2019
0
5570

Şu gün Aşgabatda AFK-nyň kubogy - 2019-yň çäginde geçiriljek "Altyn asyr" - "Hujand" duşuşygynyň öň ýanyndaky metbugat maslahaty geçirildi. Bu maslahatda myhman toparyň baş tälimçisi Witaliý Lewçenko bilen bolan söhbetdeşligi "Turkmenportalyň" okyjylaryna ýetirýäris.

– Ilki bilen, "Altyn asyr" bilen boljak duşuşyga gören taýýarlygyňyz barada gürrüň beräýseňiz. Toparda şikesli oýunçylar barmy?

– Men, sözümiň başynda, türkmen topragynda gadyrly garşylanandygymyz we çäksiz myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirýärin. Duşuşyga gelsek, türgenleşiklerimiz adaty tertipde dowam etdi. Biz iki ýaryşda - AFK-nyň kubogynda we ýerli çempionatymyzda göreşi dowam etdirýäris. Şonuň üçin oýun bilen türgenleşikleri hemişe sazlaşdyryp durmak esasy wezipämizdir. Biz ertirki duşuşyga taýýar, toparymyzda ýetmezçilik ýok. Şol bir wagtda şikesli futbolçymyz hem ýok, ertir, mümkin bolan, iň ýokary derejedäki oýny orta goýmak üçin meýdana çykarys.

– Siz topara ýaňy-ýakyndan bäri tälim berip gelýärsiňiz. Toparyň ýolbaşçysy AFK-nyň kubogynda siziň öňüňizde nähili wezipe goýdy?

– Biz ýaryşa saýlama tapgyrdan goşuldyk. Şonuň üçin hem her bir duşuşykda maksadymyz ýeňiş gazanyp, janköýerlerimizi begendirmek. Biziň AFK-nyň kubogynda haýsy orny eýelejekdigimizi bolsa wagt görkezer. Çünki biz hemişe diňe öňümizdäki duşuşyk barada pikirlenýäris: her bir duşuşykda gowy netije görkezip, janköýerlerimizi begendirip bilsek, şondan uly üstünlik ýok. Bu aýdýanlarym AFK-nyň kubogyna-da, Täjigistanyň çempionatyna-da degişli. Ine, biziň maksadymyz.

– Birinji duşuşykdan soňra, "Altyn asyryň" oýny barada pikirleriňizi hem paýlaşaýsaňyz. Garşydaşyň artykmaç taraplary we kemçilikleri nämede?

– "Altyn asyr" - AFK-nyň kubogy - 2018-e-de gatnaşdy. Ol bu ýaryşda final hem oýnady. Garşydaşymyz juda güýçli. Şonuň üçin hem biz bu duşuşyga juda uly jogapkärçilik bilen taýýarlandyk. Garşydaşyň güýçli we asgyn taraplary... Men bu barada häzir bir zat aýtmak islemeýärin, ählisini duşuşygyň özi görkezer. Tälimçiniň has içgin pikirleri toparyň özünde galsa ýagşy.

Siz duşuşyga geliň we toparlaryň güýjüne oýundan soň baha beriň. Men hünärmen hökmünde bu barada metbugat maslahatlarynda hiç zat aýtmak islemeýärin.

– Garşydaşyň futbolçylarynyň derejesi barada bir pikiriňiz barmy?

– Futbolçylaryň ählisi hem tejribeli, topar sazlaşykly oýny orta goýup bilýär, olar biri-biri bilen ilkinji gezek oýnanok. Elbetde, azda-kände artykmaçlyk we kemçilik islendik toparda-da bolup bilýär. Ýöne esasy aýtmak isleýän zadym, garşydaşyň her bir oýunçysy döwrebap futbola oňat düşünýär. Ertir gyzykly we ýiti oýun bolar.

Men duşuşyga janköýerleriň hem köp gelmegini isleýärin. Çünki futbol - bu baýramçylyk. Janköýersiz onuň gyzygy ýok. Şonuň üçin Türkmenistanyň ähli janköýerlerini duşuşyga tomaşa etmäge çagyrýaryn. Stadiondaky şowhun diňe bir ýer eýelerine däl, iki toparyň hem güýjüne güýç goşar.

– Birinji duşuşykdan soň siz "Altyn asyr" bilen deňme-deňlikden hoşaldygyňyzy aýtdyňyz. Ikinji duşuşykdan nähili netijä garaşýarsyňyz?

– Elbetde, biz özümizi kanagatlandyrjak netijä taýýarlanyp geldik. "Kanagatlandyrjak netije" diýenimde, ýeňiş bilen bir hatarda deňme-deňligi hem göz öňünde tutýaryn. Deňlik bizi näme üçin kanagatlandyrar? Sebäbi, ýaňy hem aýdyşym ýaly, biz ýaryşa saýlama tapgyrdan gatnaşdyk. Esasy maksadymyz tejribämizi artdyrmak. Galyberse-de, biz bu ýere futbol oýnamaga geldik, netije nähili bolsa-da, öz oýnumyzy orta goýmaga synanyşarys.

– Ertir düzümde nähilidir bir üýtgeşme bolarmy?

– Ähli ünsi gowy netije almaga gönükdireris. Şonuň üçin düzüm barada häzir bir zat aýtmak kyn. Biziň duşuşykdan öň ýene bir türgenleşigimiz bar. Ertirki düzüm barada şondan soň pikirleneris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň