AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" ak, "Hujand" gök köýnekçede oýnar

12:4214.05.2019
0
5451

Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň dördünji tapgyrynda duşuşýan toparlaryň – “Altyn Asyr” bilen “Hujandyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Altyn Asyr” topary ýer eýesi hökmünde ak, “Hujand” topary bolsa gyzyl köýnekçede çykyş eder.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň dördünji tapgyrynyň çäginde “Altyn Asyr” täjikleriň “Hujand” toparyny kabul eder. 15-nji maýda boljak bu duşuşyk paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 18:30-da başlanar. Bu toparlaryň arasynda Hujand şäherinde geçirilen üçünji tapgyryň çägindäki duşuşygyň 0:0 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň