Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň bagbanlary iş depginini birjikde gowşatmaýarlar

00:3614.05.2019
0
1607

Ilaty özümizde öndürilýän dürli gök we miwe önümleri bilen bol-elin üpjün etmeklige özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan Daşoguz welaýatynyň bagbanlary bu babatdaky işleriň depginini birjikde gowşatmaýarlar. Olar erigiň, üzümiň, almanyň, armydyň we beýleki dürli görnüşli miwe ekinleriniň 2019-njy ýylda bol hasylynyň kemala getirilmegi üçin ähli daýhançylyk ukyplaryny, baý iş tejribelerini sarp edip işleýärler. Ukyp başarnyklaryny mähriban topraga bagyş edip miwe önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýän babadaýhanlar Hormatly Prezidentimiziň sebitleriň toprak howa şertlerine laýyklykda ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň artdyrylmagy ilatyň özümizde öndürilýän miwe önümleri bilen bol-elin üpjün edilmegi baradaky görkezmelerinden ugur alyp dürli ekinleri ösdürip ýetişdirip olardan bereketli hasylyň kemala gelmegi üçin ähli tagallalaryny edýärler. Munuň şeýledigini welaýatyň etraplarynda alnyp barylýan işlerdenem tutyş aýdyňlygy bilen görmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň