Soňky habarlar

Arhiw

Yhlasly dokmaçylaryň üstünligi

23:4013.05.2019
0
1808

Ýurdumyzyň ähli önümçilik ulgamlarynda bolşy ýaly Dokma pudagynda hem ýylyň-ýylyna uly üstünlikler gazanylýar. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäher Pagta egriji kärhanasy hem netijeli sepgitlere eýe bolup gelýän kärhanalaryň biridir. Bu ýerde öndürilýän nah ýüplikler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndanam uly islegden peýdalanylýar. Önümçilikde ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmegiň düzgünlerem ähli taraplaýyn ýola goýulandyr. Bu döwrebap kärhanada ýüplikler öndürilýär. Diýarymyzda gurylýan ähli täze döwrebap  kärhanalarda bolşy ýaly, bu kärhanada hem önümçiligiň tapgyrlary dolulygyna kämil tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylýar we gözegçilik edilýär. Ýagny kärhanada ýokary hilli nah ýüplikleri taýýarlamakda önümçilik bölümleriň birnäçesi hereket edip, olarda daşary ýurtlaryň öňde baryjy kampaniýalarynyň ýokary öndürjilikli innowasion dokma enjamlary oturdylandyr. Yhlasly dokmaçylar daraýjy, egriji, işlenilip çykarylan ýüpligi zerur derejede çyglandyryjy we gaplaýjy ýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler we olaryň saz hem bökdençsiz işlemegini yzygiderli gazanyp gelýärler. Kärhanada önümçiligiň dowamlylygy üç iş tapgyrda alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň