Soňky habarlar

Arhiw

Döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

21:2313.05.2019
0
6992

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary Işler ministri mähirli kabul edilenligi üçin hoşallyk bildirip hormatly Prezidentimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirilýänligini nobatdaky gezek tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň iň gowy arzuwlaryny aýdyp dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen döwletara gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze many mazmun bilen baýlaşýanlygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň