Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda çagalar futbol festiwaly geçiriler

10:5913.05.2019
0
7726

19-njy maýda «Aşgabat» stadionynyň emeli örtükli türgenleşik meýdanynda 6-12 ýaş aralygynda doglan oglan-gyzlaryň we maýyp çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen BMG-niň Çagalar fondunyň (UNICEF) bilelikde guramagyndaky çagalar festiwaly  09:00-dan 11:00 aralygynda dowam eder.

Çagalar festiwalyna ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän çagalaryň 300 töwereginiň gatnaşmagyna garaşylýar. Festiwal barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň