Teleköpri arkaly geçirilen sapak

01:3613.05.2019
0
2386

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarynyň talyplarynyň arasynda teleköpri arkaly geçirilen sapak «Talyplarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesi döretmegiň esaslary» diýlip atlandyryldy. Daşary ýurt dillerini okatmagyň täzeçe usullary barada ikitaraplaýyn sorag-jogap alyşmaklary örän täsirli boldy. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly meseleler Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndaky çäräniň esasyny düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň