Soňky habarlar

Arhiw

«Ajaýyp döwri peşgeş berdiň Arkadag» atly bäsleşik geçirildi

00:0313.05.2019
0
999

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli guralýan dürli täsirli dabaralar Balkan welaýatynyň ähli etrapdyr şäherlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Ajaýyp döwri peşgeş berdiň Arkadag» atly bäsleşiginiň Mollagara şypahanasynda geçen Balkan welaýat tapgyry hem turuwbaşdan täsirliligi, baý many mazmuny bilen tapawutlandy. Onda günbatar sebitiň çar künjeginde guralan deslapky bäsleşiklerde öňe saýlanan zenanlar özara bäsleşdiler. Olardan amaly haşam sungatynyň nusgalyk el işleriniň we beýleki çeperçilik sergilerem bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň