Soňky habarlar

Arhiw

«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi

00:5711.05.2019
0
6025

Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebinde 2019-njy ýylyň maý aýynyň 2-sine «Açyk gapylar» güni geçirildi. Açyk gapylar güni mynasybetli okuw mekdebine mekdep okuwçylary, şeýle-de birnäçe myhmanlar geldiler. Olar okuw mekdebinde okadylýan dersler, hünärler bilen içgin tanyşdylar. Şeýle-de sapaklara gatnaşyp her hünär barada giňişleýin maglumat aldylar. Okuw mekdebiniň girelge zalynda tanyşdyrylyş sergisi görkezildi. 
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebinde telewideniýä, kino we mahabata degişli ugurlardan ýaşlara bilim berilýär. Her hünär boýunça kärine ussat mugallymlar bilim berýärler. Talyplar nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde has-da berkidýärler. «Açyk gapylar» güni mynasybetli telewideniýäniň döredijilik topary, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, Mahabat müdirligi özleriniň surata düşürýän filmlerinde, gepleşiklerinde ulanýan enjamlaryny, has kämilleşen ulgamlaryny myhmanlara görkezdiler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň