Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi

11:5910.05.2019
0
2627

9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çäreleriň gowulandyrylmagy ulgamynda dünýä tejribeleriniň ulanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda myhman «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň tutuş sebit üçin ähmiýetini belläp geçdi we täze durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň barşynda FAO-nyň bilermenlik hyzmatlaryny bermäge hemişe taýýardygyny nygtady. Taraplar şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň