Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-inde Kataryň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşyk geçirildi

11:5610.05.2019
0
3056

9-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşuk geçirildi - diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meselelere seredilip geçildi. Has takygy, iki ýurduň işewürler toparynyň gatnaşmagynda bilelikdäki geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň