Türkmen dzýudoçylary Azerbaýjandaky halkara ýaryşa gatnaşýarlar

10:5210.05.2019
0
4348

Türkmenistanyň dzýodo boýunça erkekler we zenanlar ýygyndysy şu günler Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde ýurduň ilkinji Prezidenti Geýdar Aliýewiň hormatyna geçirilýän "Uly tuwalga" atly halkara ýaryşyna gatnaşýarlar. Azerbaýjanda däbe öwrülen ýaryşyň medallary üçin bu ýyl 57 döwletden 449 türgen ýaryşar.

12-nji maýa çenli dowam etjek halkara ýaryşda erkekler milli ýygyndymyza Hakberdi Jumaýew (60 kilogram), Şatlyk Jumanyýazow (73 kilogram), Parahat Bäşimow (81 kilogram) we Batyr Hojamuhammedow (100 kilogram) dagylar wekilçilik edýär. Zenan türgenlerimizden bolsa Aziza Nazarowa (48 kilogram), Gülbadam Babamuradowa (52 kilogram), Ruşana Nurjowowa (57 kilogram) dagylar ýurdumyzyň sport abraýyny gorar.

Bakuwdaky halkara ýaryş 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlarynyň biridir. Türgenlerimiziň bu ýaryşda gazanjak ýeňşi olaryň Olimpiýa oýunlary - 2020-ä gatnaşmaga mümkinçiligini artdyrar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, öňünde uly maksatlary goýan türkmen dzýudoçylaryna häzir gruziýaly hünärmen Amiran Totikaşwili tälim berýär. Azerbaýjandaky halkara ýaryş milli ýygyndymyzyň täze tälimçisi üçin hem hem ilkinji türgenleşikleriniň miwesi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň